Prezident Erdogan Awstraliýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Awstraliýanyň Premýer ministri Skott Morrison bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1526717
Prezident Erdogan Awstraliýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Awstraliýanyň Premýer ministri Skott Morrisonyň talabyna laýyklykda geçen telefon arkaly söhbetdelikde, Türkiýe-Awstraliýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen bagly ädimler bilen halkara platformalarda hyzmatdaşlyk ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Awstraliýany Aziýa-Ýuwaş Umman sebitinde möhüm bir hyzmatdaş we global meselelerde şol bir garaýyşa eýe bolan dost bir ýurt hökmünde görýändigini habar berdi. 



Degişli Habarlar