Ibrahim Kalyn Britaniýanyň Daşary razwedka gullugynyň başlygy bilen duşuşyk geçirdi

Duşuşyk Prezidentiň kompleksinde geçdi

1526311
Ibrahim Kalyn Britaniýanyň Daşary razwedka gullugynyň başlygy bilen duşuşyk geçirdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, ýurdyň paýtagty Ankara şäherine gelen Britaniýanyň Daşary razwedka gullugy MI6-nyň başlygy Riçard Mur bilen duşuşyk geçirdi.

Prezidentiň Kompleksinde geçen duşuşykda, Türkiýe bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we iki ýurdyň arasynda howpsuzlyk we daşary syýasat ugrundaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri güntertibe getirildi. 

Garabag meselesi we Liwiýadaky hadysalaryň giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylan duşuşykda, Ýakyn Gündogar we Gündogar Ortaýer deňizi sebitlerinde durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin iki ýurdyň umumy howpsuzlyk syýasatlary babatynda pikir alyşylandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar