Ömer Çelik ABŞ-da geçirilen Prezident saýlawy bilen bagly beýanat berdi

Ömer Çelik, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde partiýasynyň baş merkezinde metbugat ýygnagyny geçirdi

1524891
Ömer Çelik ABŞ-da geçirilen Prezident saýlawy bilen bagly beýanat berdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, ABŞ-da geçirilen Prezident saýlawy bilen bagly: "Türkiýe saýlawyň resmi netijesi aýan edileninden soň, ýeňiş gazanan tarapy gutlar" diýip belledi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde partiýasynyň baş merkezinde metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Jo Baýdeniň ABŞ-nyň Prezident wezipesine saýlanmagyna nähili garalýandygy bilen bagly soraga Ömer Çelik: "ABŞ-da geçirilen saýlawy örän ýakyndan gözegçilik etdik. Häzirki hadysalary hem örän ýakyndan gözegçilik edýäris. Türkiýe, saýlawyň resmi netijesi aýan edileninden soň, amerikan halkyna we amerikan demokratiýasyna hormat goýmagynyň esasynda ýeňiş gazanan tarapy gutlar. Biz saýlawyň netijesiniň resmi ýagdaýda aýan edilmegine garaşýarys. Türkiýäniň ol ýerde haýsy tarap ýeňiş gazansa gazansyn, özüniň şoňa laýyklykda gören taýarlyklary bardyr. Türkiýe saýlawyň resmi netijesi aýan edileninden soň üstün çykan tarapy gutlar, Prezident saýlanan adam we dolanşyk bilen laýyk syýasy usullar we laýyk syýasy güntertip bilen bilelikde işleşer" diýip jogap berdi. 



Degişli Habarlar