Prezident Erdogan Wenada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi

1521279
Prezident Erdogan Wenada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

Prezident R. T. Erdogan öňňin Awstriýanyň paýtagty Wenada guralan gandöküşikli hüjümi ýazgarýandygyny nygtady.

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Wenada guralan gandöküşikli hüjümi berk ýazgarýandygyny nygtan Erdogan “Kim tarapyndan guralandygyna garamazdan şuňa meňzeş hüjümleriň guralmagyny asla kabul etmeýäris. Awstriýanyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi.

Prezident Erdogan, şu günki günde dünýäde 2 milliard 400 million hrystian, 1 milliard 900 müň musulman, 1 milliard 800 müň hindi, budist we şinto ynançlaryna agza ynsanlaryň ýaşaýandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan 70 ýyl ozalky döwür bilen deňeşdirilende Ýewropa ýurtlarynyň käbirinde ýaşaýan musulmanlaryň sanynyň 10 göterime çenli baryp ýetendigini belledi.

Erdogan edil şonuň ýalyda Afrikadan Günorta gündogar Aziýa, Amerikadan Awstraliýa çenli giň geografiýada yslamyň ýaýbaňlanmagynyň öňüniň alynyp bilinmändigini aýtdy.



Degişli Habarlar