3 Ýaşly Elif Perinçek Ýer Titremesinden 65 Sagat Soň Halas Edildi

Bejergi astyna alynan Elif, harabalygyň aşagyndan çykarlan 106-njy adam boldy

1520032
3 Ýaşly Elif Perinçek Ýer Titremesinden 65 Sagat Soň Halas Edildi

Izmirde bolan ýer titremesinden 65 sagat soň 3 ýaşyndaky Elif Perinçek harabalygyň aşagyndan ýaraly ýadaýda çykaryldy.

Bejergi astyna alynan Elif, harabalygyň aşagyndan çykarlan 106-njy adam boldy.

Ýer titremesinden 58 sagat soň harabalygyň aşagyndan çykarlan 14 ýaşyndaky Idil Şiriniň saglyk ýagdaýy gowy.

Anna güni Türkiýe wagty bilen 14.51-de Egeý deňizinde, Iziriň Seferihisar etrabyndan 17 kilometr alysdaky suw giňişliginde 6,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýeriň 16,54 kilometr aşagynda bolandygy anyklandy.

Ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 85 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar