Ibrahim Kalyn Robert O'Braýen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Milli Howpsuzlyk maslahatçysy Robert O'Braýen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1516477
Ibrahim Kalyn Robert O'Braýen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň Metbugat sekretarlygyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjan-Ermenistan meselesi başda bolmak bilen Siriýa, sebitleýin meseleler, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Garabag meselesine diplomatik ýollar bilen çözgüt tapmagyň möhümdigi bellenen telefon söhbetdeşliginde, Ermenistan tarapynyň baglaşylan ylalaşygyň düzgün bozmalarynyň we asuda ilaty nyşana alyp guraýan hüjümleriniň halkara hukuga tersdigi we kabul edilmejekdigi bellendi. 

Beýanatda: "Hemişelik we dowamly bir çözgüdiň üpjün edilip bilinmegi üçin Ermenistanyň Ýokary Garabag we onuň töwereginde basyp alan ýerlerinden dolulygyna çekilmeginiň gerekdigi nygtaldy. Azerbaýjanyň territorial bütewiliginiň üpjün edilmegi babatynda halkara hukugyň, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň we ÝHHG kararlarynyň çäginde anyk ädimler edilmelidir" diýip habar berildi. 

Beýanatda şeýle hem: "Siriýada Idlib çaknyşyksyz zolakda Asada tabynlykdaky güýçleriň we onuň tarapdarlarynyň soňky wagtlarda artan hüjümleriniň alada döredýändigi bellendi. Siriýada täze krizisleriň ýüze çykmazlygy üçin şu ýylyň 5-nji martynda Tükriýe bilen Russiýanyň arasynda baglaşylan ylalaşygyň goralmagy we konstitutsion işler bilen syýasy çözgüt etabynyň goldanmagynyň gerekdigi nygtalyp geçildi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar