Indoneziýanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Boldy

Akar kärdeşi Subiantony ministrlikde harby dabara bilen garşylady

1514857
Indoneziýanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Boldy

 

Indoneziýanyň Goranmak ministri Prabomo Subianto Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň resmi myhmany hökmünde Türkiýä geldi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Akar kärdeşi Subiantony ministrlikde harby dabara bilen garşylady.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň topara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşiklerde özara we sebitara meseleler bilen birlikde goranyş we howpsyzlyk senagaty boýunça hyzmatdaşlyk edilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.



Degişli Habarlar