Erdogan Patriarh Sahak Maşalýan bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan Türkiýedäki Ermenileriň 85-nji Patriarhy Sahak Maşalýan bilen duşuşyk geçirdi

1514152
Erdogan Patriarh Sahak Maşalýan bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, aýaly Emine Erdogan bilen birlikde hassahanada birnäçe wagt bejergi alanyndan soň ýogalan Adalat we ösüş partiýasynyň Stambuldan deputaty Markar Esaýan üçin jynaza çäresiniň geçiriljek ýeri bolan Kumkapy Merýem Ene Ermeni buthanasyna bardy. 

Prezident Erdogan özüni garşylan Türkiýedäki Ermenileriň 85-nji Patriarhy Sahak Maşalýan bilen Türkiýedäki Ermenileriň Patriarhatlygyna geçdi. 

Takmynan ýarym sagat dowam eden duşuşykdan soň Prezident Erdogan, Markar Esaýan üçin dini çäräniň geçirilen ýeri bolan Merýem Ene Ermeni buthanasyna geçdi. 


Etiketkalar: #patriarh , #deputat , #ermeni , #Erdogan

Degişli Habarlar