Prezident Erdogan Kuweýtde We Katarda Saparda Bolar

Saparyň çäginde özara meseleler bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar

1504138
Prezident Erdogan Kuweýtde We Katarda Saparda Bolar

 

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan Kuwetde we Katarda sapar bolar.

Prezident Erdogan Kuweýde gurajak saparynyň çäginde Kuweýdiň Emiri merhum Şyh Sabahdan soň wezipäni öz üstüne alan Kuweýdiň Emiri Şyh Newwaf Al Ahmed Al Jabir As Sabah bilen duşuşar we duýgudaşlyk bildirer.

Duşuşykda özara meseleler bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Kuweýtden soň Katara barçak Prezident Erdogan, Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani bilen duşuşar.

Erdogan bilen Al Sani duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar.



Degişli Habarlar