Kovid-19-a Garşy Ýerli 3 Sanjymyň Ynsanlardaky Synag Tapgyryna Geçildi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, 13 ýerli sanjymdan 3 sanysynda ynsanlardaky synaglaryna geçilendigini buşlady

1502308
Kovid-19-a Garşy Ýerli 3 Sanjymyň Ynsanlardaky Synag Tapgyryna Geçildi

Täze görnüş koronawirus epidemýasyna garşy ýerli sanjym öndürmekde 3 sanjymyň ynsanlardaky synag tapgyryna geçilendigi habar berildi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Tekirdag welaýatynyň Kapaklygy etrabyndaky “Koçak Farma” desgalarynda Kovid-19-a garşy göreşiň çäginde ýerli sanjymyň taýarlanýan laboratoriasynda baryp gördi we ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Ministr Koja barlaglaryndan soň Prezident R. T. Erdogana telefon edip sanjym hakynda maglumat berdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Prezident Erdogana, Kovid-19-a garşy taýarlanýan 13 ýerli sanjymdan 3 sanysynda haýwan synaglarynyň üstünlikli tamamlanandygyny we ynsanlardaky synaglaryna geçilendigini buşlady.

Prezident Erdogan hem: “Sizi gutlaýarys, sanjymyň üstünde işleýän her bir adama öz adymdan, halkymyň adyndan sagbolsun aýdýaryn. Gysga wagtda sanjymyň öndürilmegini arzuw edýärin. Sanjym öndürlen badyna sanjym etabyny başladarys, şeýlelikde kesellileriň sany hem azalar we sanjymyň kesellilere şypa boljakdygyna ynanýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar