"Türkiýe Azerbaýjana Goldaw Bermekden Çekinmez"

Çawuşoglu, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklar barada durup geçdi

1501808
"Türkiýe Azerbaýjana Goldaw Bermekden Çekinmez"

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Türkiýäniň, Azerbaýjan islan halatynda goldaw bermekden çekinmejekdigini aýtdy.

Çawuşoglu, Rimde İtaliýanyň Daşary işler ministri Luigi Di Maio bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklar barada durup geçdi.

Türkiýäniň hemişe bu meseläniň parahatçylykly ýagdaýda, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlarynyň çäginde çözülmegine goldaw berendigini ýatladan Çawuşoglu, “Emma şu günki güne çenli hiç hili öňe gidişlik edilmedi, Azerbaýjanyň öz terrotiriasyny yza alar ýaly güýji bar. Azerbaýjanyň hüjümlerini bes etmegi üçin Ermenistan basyp alan ýerlerinden çekilmeli. Şu gün güne çenli Azerbaýjan bizden hiç hili kömek soramady, Azerbaýjan islän halatynda goldaw bermekden çekinmeris” diýdi.

Çawuşoglu, halkara jemgyýetçiliginiň Ermenistanyň Azerbaýjanyň terrotoriasyndan çekilmegi üçin tagalla etmelidigini belledi.

Sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň esasan Ermenistan üçin bähbitli boljakdygyny nygtan Daşary işler ministri Çawuşoglu “Ermenistan anyk kararyny bermeli” diýdi.



Degişli Habarlar