"Ermenistan Azerbaýjanyň territoriýasyndan çekilmedigi saýyn mesele çözülmez"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Ermenistan Azerbaýjanyň territoriýasyndan çekilmedigi saýyn iki ýurdyň arasyndaky mesele çözülmez" diýip belledi

1499462
"Ermenistan Azerbaýjanyň territoriýasyndan çekilmedigi saýyn mesele çözülmez"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Numan Kurtulmuş bilen bilelikde Azerbaýjanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hazar Ibrahim bilen duşuşyk geçirdiler. 

Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Ankara şäherindäki ilçihanasynda geçirilen duşuşykdan soň beren beýanatynda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirilýän çaknyşyklar bilen bagly: "Bu meseläniň ýeke täk çözgüdi bar, ol hem Ermenistan Azerbaýjandan basyp alan ýerlerinden çekilmeli. Bu ýerine ýetirilmedigi saýyn mesele çözülmez" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň territorial bütewiligi babatynda BMG-nyň kararlarynyň bardygyny, şolara garamazdan şu günki güne çenli Minsk toparynyň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň anyk bir ädim etmändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Indi bu meseläniň çürt kesik ýagdaýda çözülmegini isleýäris. Biz türk halky hökmünde hemişe Azerbaýjanly doganlarymyzyň ýanyndadyrys. Meýdanda we gepleşiklerde Azerbaýjanyň ýanyndadyrys. Indi bi meseläni düýbünden çözmek isleýäris. Türk diplomatiýasy hökmündede dünýäniň ähli ýerinde doganlyk ýurt Azerbaýjanyň ýanynda bolmaga dowam ederis. Esasan hem Azerbaýjanyň ilçihanalarynyň bolmadyk ýerlerinde Azerbaýjana kömek ederis" diýip nygtady. 

Ministr Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 



Degişli Habarlar