Fahrettin Altun, Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümlerini ýazgardy

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Türkiýäniň Azerbaýjandaky doganlary bilen egin-egine boljakdygyny nygtady

1498699
Fahrettin Altun, Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümlerini ýazgardy

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Ermenistanyň hüjüm guramadan ozal bu başdan geçirilýänleri hasaba almalydygyna ünsleri çekip, söweşiň we durnuksyzlygyň sebite peýdasynyň bolmajakdygyny belledi. 

Halkara jemgyýetiň ýene-de bir gezek Ermenistanyň hüjümleriniň öňünde üç maýmyn oýnuny oýnandygyny aýdan Altun: "Onlarça ýylllap hiç zat etmän, hat-da bikanun basyp alyjylyga şärik bolup, Ermenistan tarapyny ýüreklendirdiler. Häzirki çaknyşyklar ýagdaýyň mundan beýläk dowam edip bilmejekdiginiň subutnamasydyr. Ermenistan Azerbaýjanyň topraklarynda basyp alyjy ýagdaýdadyr. Onlarça ýyllap, Daglyk Karabagy basyp almak bilen çäklenmediler, şol bir wagtda Azerbaýjana garşy dowamly öjükdiriji hereketlere ýüz tutdylar. Şu günki gün guran hüjümleri, ýene-de bir gezek howply ýagdaýy emele getirdiler. Ermenistanyň hüjümlerini iň berk ýagdaýda ýazgarýarys, dünýäniň ähli ýurtlaryna bu basyp alyjylyga we hüjümlere garşy Azerbaýjan bilen jebislik içinde bolmaga çagyrýarys. Türkiýe we Azerbaýjan iki döwlet bir milletdir. Gerek bolan jogaby bereris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar