“Dünýä Bäşden Uludyr Tezisiniň Ýerliklidigi Ýene-de Bir Gezek Görüldi”

Prezident Erdogan BMG-niň 75-nji Sessiýasyna ýüzlenip çykyş etdi.

1495465
“Dünýä Bäşden Uludyr Tezisiniň Ýerliklidigi Ýene-de Bir Gezek Görüldi”

Prezident R.T.Erdogan koronawirus epidemiýasynyň başynda ýurtlaryň halyndan habar alynmandygyny, şeýlelikde uzak ýyllardan bäri üznüksiz beýan eden “Dünýä bäşden uludyr” tezisiniň ýerliklidiginiň ýene-de bir gezek görülendigini beýan etdi.

Prezident Erdogan BMG-niň 75-nji Sessiýasyna ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda halkara guramalarynyň abraýynyň peselmeginiň öňüniň alynmagy üçin ilki bilen düşünjäniň, guramalaryň we düzgünlerin seljerilmelidigini nygtap: “BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň gurluşynyň özgerdilmeginden başlap, giň gerimli we ýerlikli özgertmeler gyssagly iş ýüzüne geçirilmeli” diýdi.

Prezident Erdogan koronawirusyň sanjymynyň haýsy ýurtda öndürilendigine garamazdan ulanmaga taýar bolanlarynyň adamzadyň bilelikde ulanmagyna hödürlenmelidigini beýan etdi.

Prezident Erdogan Siriýa meselesinde bolsa: “Halkara jemgyýetçiligi ähli terror guramalaryna garşy ikirjiňsiz pozisiýa eýelemese Siriýa meselesine düýpli çözgüt tapylmaz” diýdi.

Erdogan şu günki günde dünýäde iň köp bosguny kabul eden Türkiýe ýaly ýurtlaryň edýän pidakärlikleri bilen bütin adamzadyň abraýyny halas edýändigini aýtdy.

DAİŞ ýaly Yrakda ornaşan ekstremist terror guramasy PKK-ny doly ýok etmek hakynda durup geçen Erdogan, halkara jemgyýetçiliginden we Yrakdan içgin hyzmatdaşlyga garaşýandyklaryny aýtdy.

Erdogan İýerusalimde ilçihana açmak boýunça niýetlerini beýan eden döwletleriň şol çeşemeşmeleri bilen diňe bir düşnüşmezligi çylşyrymlaşdyrmaga hyzmat edýändiklerini nygtady.

Gündogar Ortaýer deňizinde birnäçe wagtdan bäri dowam edýän dartgynlygyň aňyrsynda “üstün çykan ählisini alar” düşünjesine laýyklykda hereket edýän ýurtlaryň bardygyny beýan eden Erdogan: “Ýurdumyzy çetleşdirmek üçin edilýän netijesiz başlangyçlaryň maksadyna ýetmegi mümkin däl. Sebitde başdan geçirilýän dartgynlygyň sebäbi Gresiýa bilen Kipriň grek böleginiň 2003-nji ýyldan bäri maksimalist islegler bilen eden bir taraply başlangyçlarydyr” diýdi.

Erdogan: “Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň hukuklaryny göz öňünde tutýan, Kipr türkleriniň gatnaşmagynda sebitleýin maslahatyň geçirilmegini teklip edýäris. Kiprde çözgüdiň öňündäki ýeke-täk päsgelçilik grek tarapynyň ylalaşyksyz, hukuklara äsgermezçilik edýän, lälik çemeleşmesidir” diýdi.

Erdogan Kipriň türk halkynyň howpsyzlygy bilen adadaky taryhy we syýasy hukuklary mizemez kesgitlejek ähli çözgüdi goldajakdyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar