Türkiýe-Gresiýa Harby Maslahatynyň 4-njisi Başlady

Türkiýe bilen Gresiýanyň harby wekiliýetleriniň “Tapawutlandyryş Usullary” boýunça tehniki maslahatyň 4-njisi NATO-nyň Ştab kwartirasynda başlady

1492331
Türkiýe-Gresiýa Harby Maslahatynyň 4-njisi Başlady

Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlyk dowam edýärkä NATO-da çaknyşyk howpyny ortadan aýyrmak üçin gepleşikler dowam edýär.

Türk we grek harby resmileri şu gün 4-nji gezek NATO-nyň Brýusseldäki Ştab kwartirasynda duşuşdylar. Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada: “Türkiýe-Gresiýa harby wekiliýetleriniň arasynda “Tapawutlandyryş Usullary” boýunça tehniki toparyň 4-nji maslahaty NATO-nyň Ştab Kwartirasynda öz işine başlady” diýilýär.

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň başlangyjy bilen Türkiýäniň we Gresiýanyň arasyndaky tehniki gepleşikler 3 hepde ozal başlapdy.

Wekiliýetler şu gün 4-nji maslahata başladylar. Türk we grek resmileri maslahatda tapawutlandyryş usullaryny seljerýärler. Baş Sekretar Stoltenberg NATO-nyň iki agzasynyň ýalňyşlyk bilen çaknyşmagynyň öňüni aljak mehanizmiň döredilmelidigini beýan edip, harby resmileriň rasyndaky tehniki gepleşikleriň Germaniýanyň töwellaçylyk etmegindäki syýasy gepleşiklere hem goşant goşmagyny tama edýändigini aýdypdy.

 



Degişli Habarlar