Çawuşogly: "Gresiýa maksimalist syýasatlaryndan ýüz öwürmeli" diýdi

Ministr Çawuşogly, hususy telewideniýe kanallaryň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

1492435
Çawuşogly: "Gresiýa maksimalist syýasatlaryndan ýüz öwürmeli" diýdi

Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilen soňky hadysalaryň üstünde durup geçen Çawuşogly, Gresiýanyň maksimalist pozisiýasyndan ýüz öwürmändigini we bu pozisiýasyny terk etmelidigini belläp, Türkiýäniň şertsiz ýagdaýda gepleşiklere taýardygyny we her tarap bilen gepleşikler geçirip biljekdigini habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakisiň soňky wagtlarda Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beren beýanatlarynyň üstünde durup geçip: "2-3 gün bäri Gresiýanyň Premýer ministrinden berilýän beýanatlar has aram. Soňky wagtlarda has aram beýanatlar berilmäge başlandy. Gresiýa Oruç Reis gämisiniň taýarlyk we gözden geçiriliş üçin Antalýa portyna gaýdyp barmagyny pursat bilip, has oňyn ýüzlenmeler bermäge başlady, emma bir tarapdanam Ondan has köp isleýäris diýip maksimalist pozisiýasyny dowam etdirýär" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Oruç Reis gämisiniň seýsmik derňew geçiren sebitindäki hukuklarynyň dowam edýändigini aýdan Çawuşogly: "Şol sebäpli bu oňyn pursat hökmünde garalmasa, biz ýene-de şol bir ýagdaýda taýarlaýyş işler tamamlananyndan soň, işlerimizi tutanýerli ýagdaýda şu günki güne çenli ýerine ýetirşimiz ýaly dowam etdireris" diýip nygtady. 

Gresiýanyň Sewilýa kartasynyň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: "Gresiýanyň bu kartany kabul etmeýändigini aýtmalydyr. Bu karta ortada durdygy saýyn meseleleriň hötdesinden gelmegimiz mümkin däl. Bu karta ortada durdygy saýyn gepleşikler bolmaz. Gepleşikler bolsada netije alyp bilmersiňiz. Netije alynmajak bolsada, gepleşikler geçirmegiň peýdasy ýok. Bu ýerde gepleşikler geçirmek islemeýäris ýaly düşünilmesin. Biz gepleşikler isleýäris, emma gepleşikler netije alyp boljak we adalatly ýagdaýda geçsin" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar