Türkiýe Bilen Gresiýanyň Harby Wekiliýetleriniň Maslahaty Başlady

Türkiýe bilen Gresiýanyň harby wekiliýetleriniň arasynda “tapawutlandyryş usullary” boýunça tehniki maslahat öz işine başlady

1491207
Türkiýe Bilen Gresiýanyň Harby Wekiliýetleriniň Maslahaty Başlady

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada maslahatyň NATO-nyň Ştab kwartirasynda başlandygy mälim edildi.

Prezident R.T.Erdogan bilen NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň NATO-nyň Ştab kwartirasynda Türkiýe blen Gresiýanyň harby wekiliýetleriniň arasynda maslahat geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazanylypdy.

Şol çäkde iki ýurduň harby wekiliýetleriniň arasynda “tapawutlandyryş usllary” hakyndaky maslahatyň birinjisi 10-njy sentýabrda NATO-nyň Ştab kwartirasynda geçirlipdi.



Degişli Habarlar