Siirt welaýatynda Ýyldyrym-11 Herekol operasiýasy dowam edýär

Siirt welaýatynyň gubernatorlygy operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1490957
Siirt welaýatynda Ýyldyrym-11 Herekol operasiýasy dowam edýär

Siirt welaýatynda dowam edýän Ýyldyrym-11 Herekol operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylara degişli patrtlaýjylar ýasalanda ulanylýan maddalar ele salyndy. 

Siirt welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, Welaýat Žandarma serkerdeligi tarapyndan başladylan we 1003 harbynyň gatnaşmagynda geçirilýän Ýyldyrym-11 Herekol atly operasiýa dowam edýär. 

Operasiýada gaçybatalgalarda, gowaklarda we ýeriň aşagynda gizlenip goýulan, gyş üçin taýarlanyp goýulan köp mukdarda azyk we elde ýasalan partlaýjylarda ulanylan maddalar ele salyndy, gowaklar we gaçybatalgalar ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar