Mewlüt Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Çawuşogly Türkiýäniň Ortaýer deňizinde yza ädim etmändigini, Oruç Reis gämisiniň porta taýarlyk we döwürleýin gözden geçiriliş üçin çekilendigini habar berdi

1490245
Mewlüt Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly telewideniýe kanallarynyň birinde, Oruç Reis gämisiniň taýarlyk sebäpli Antalýa portyna gelendigini, onuň bolsa dowamly häsýetde ýerine ýetirilýän döwürleýin bir gözden geçiriliş we taýarlyk işlerinden ybaratdygyny, şol sebäpli täze bir Nawteks yglan etmändiklerini mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly Barbaros we Ýawuz gämileriniň bolsa işlerini dowam etdirýändigini aýan etdi. 

Meýdandaky maksimalist pozisiýasyndan ýüz öwürmedigi saýyn Gresiýa bilen ylalaşygyň mümkin bolmandygyny aýdan Çawuşogly: "Gresiýa Sewilýa kartasyndan ýüz öwürmedigi saýyn bu dartgynlyk gutarmaz. Iki goňşy ýurt gönüden gepleşikler geçirip biler. Emma Gresiýa şert goýsa, onda biz hem şert goýarys" diýip belledi. 

ÝB-de Türkiýä garşy sanksiýalaryň girizilmegi bilen bagly bildirilen talaplaryň hem üstünde durup geçen Çawuşogly, sanksiýalary Fransiýanyň, Gresiýanyň we Kipriň Grek böleginiň isleýändigini, emma bolmagyna garaşmaýandyklaryny habar berdi. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň dogruçyl bir syýasatçy bolmandygyny, çäginden geçendigini aýdan Çawuşogly: "Fransiýa her ýere hüjüm edýär, men lider diýmek isleýär, emma men lider diýmek bilen iş bitmeýär" diýdi. 

Beýleki ýurtlaryň hem Türkiýäniň öňe sürýänleriniň dogrudygyna göz ýetirendigini aýdan Çawuşogly: "Gepleşik geçiren ähli ýurtlarymyz biziň egilşik edýändigimiz bilýär. Biziň edýänlerimizi dogrulygyna garamazdan Türkiýäni saýlarlarmy ýa-da Gresiýany saýlarlarmy? Meniň pikirimçe Gresiýany saýlarlar. Muňa bolsa ÝB raýdaşlygy diýilýär" diýip nygtady. 

ABŞ-nyň greklere satan ýaragynyň hem üstünde durup geçen Çawuşogly, edilýän bu ädimleriň halkara hukuga bap gelmeýändigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar