Daşary işler ministrligi: "Fransiýanyň Prezidenti, Türkiýäni nyşana alýar" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi: "Daşary syýasatda biz tarapyndan ähli gizlin meýilnamalary puja çykarylan Fransiýanyň Prezidenti Emmnuel Makronyň, Türkiýäni nyşana alýar" diýdi

1488376
Daşary işler ministrligi: "Fransiýanyň Prezidenti, Türkiýäni nyşana alýar" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň beýanatlaryna reaksiýa bildirdi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "Fransiýanyň Prezidenti Makron ýene-de köne kolonial refleksleri bilen ulumsulyk bilen ders bermäge synanyşyp, beýanat berýär. Aslyna garanyňda Makronyň beýanatlary öz gowşaklygynyň we töweregini gaplan çäresizliginiň görkezijisidir. Çünki dünýäniň islendik ýerinde atyny erkin ýagdaýda çapdyrýan günleri yzda galdy. Daşary syýasatda biz tarapyndan ähli gizlin meýilnamalary puja çykarylan, hapa oýunlary bozulan Makron her gün Türkiýäni we hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogany nyşana alyp, beýanat berýär" diýip belledi. 

Prezident Erdoganyň, Ýewropada sesleriň köplügi boýunça ilkinjileriň hatarynda bolan görkeziji bilen saýlanan liderleriň biridigi aýdylýan beýanatda: "Hormatly Prezidentimiz güýjüni hemişe Türk halkyndan aldy. Türk halky we hökümeti, bular ýaly hereketlere garşy hemişe jebis boldy we bolmaga dowam eder" diýip mälim edildi. 

Ortaýer deňizinde ýa-da başga bir geografiýada islendik ýurdyň deňiz ygtyýar giňişliklerini kesgitlemegiň Makronyň işi däldigi bellenen beýanatda: "Fransiýa birtaraplaýyn we öjükdiriji ädimler edýän we Ýewropa Bileleşigini öz dar garaýyşly bähbitleri ugrunda zamun alan Gresiýanyň we Kipriň Grek böleginiň aklawjysy bolmagyň ýerine, ylalaşygyň we dialogyň tarapdary bolmalydyr" diýip nygtaldy. 

Beýanatda: "Ortaýer deňizine serhedi hem bolmadyk we sebitde entegem kolonial düşünjesi bilen hereket edýän Fransiýanyň, Türkiýäniň sebitdäki hyzmatdaşlygyny, hormatyny we adamzat gymmatlyklaryna bap gelýän daşary syýasatyny tankyt etmegi sözüň doly manysynda gapma-garşydyr. Halkyň berýän goldawy dowamly häsýetde azalýan Makronyň düşen gözgyny ýagdaýyny halkyň garamagyna hödürleýäris" diýip bellendi. 



Degişli Habarlar