Kovid-19-a Garşy Görülýän Çäreler Oňyn Netijeler Berýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 251 müň 105adama ýetdi

1485784
Kovid-19-a Garşy Görülýän Çäreler Oňyn Netijeler Berýär

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 56 adam artyp 6 müň 673 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 96 müň 842 adam testden geçirilip, ýene-de 1578 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1013 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 251 müň 105adama ýetdi.



Degişli Habarlar