“Gresiýa Dialog Islemeýändigini Ýene-de Bir Gezek Görkezdi”

Bu beýannama Daşary işler ministri Çawuşogly tarapyndan berildi

1484827
“Gresiýa Dialog Islemeýändigini Ýene-de Bir Gezek Görkezdi”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň NATO-nyň töwellaçylygy babatynda ýalan sözläp, ýene-de bir gezek dialog islemeýändigini görkezendigini aýtdy.

Çawuşogly paýtagt Ankarada beren beýannamasynda Gündogar Ortaýer deňizindäki düşnüşmezlik boýunça şertsiz gepleşik geçirme teklibini grek kärdeşiniň kabul etmändigini aýtdy.

Çawuşogly: “Gresiýanyň NATO-nyň baş Sekretaryny ýalana çykarmagy geň galdyryjy. Bärde ýalan sözleýän baş Sekretar däl, Gresiýa. Ýenede bir gezek dialog islemeýändiklerini görkezdiler” diýdi.

Eýsem Türkiýäniň elmydama dialogyň tarapynda durandygyny beýan eden Çawuşogly: “Hakly bolan dialogdan gaçmaz, emma Gresiýa haksyzdygyny bilýär. Gresiýa ähli hukuklarymyzdan el çekmegimize garaşýan bolsa, ol bolmaz. Gresiýanyň haksyzdygyny Ýewropa ýurtlary hem bilýär” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň ýeke-täk maksadynyň hakyny goramakdan ybratdygyny, hiç kimiň hakynda gözüniň ýokdugyny nygtady.

Fransiýanyň Türkiýeden ötünç soramalydygyny nygtan Çawuşogly: “Gresiýa meçew berýän esasy ýurt Fransiýa. Şol  çemeleşmeleriň hiç kime peýdasy ýok. Fransiýany gülkünç ýagdaýa düşürýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar