Türkiýe ABŞ-na Berk Reaksiýa Bildirdi

"ABŞ-nyň Kipriň grek bölegine ýarag embargosyny bes etmegi hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýär"

1483322
Türkiýe ABŞ-na Berk Reaksiýa Bildirdi

Türkiýe ABŞ-nyň Kipriň grek bölegine ýarag embargosyny bes etmeginiň hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigini beýan etdi

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada ABŞ-nyň Kipriň grek bölegine goýulan ýarag embargosynyň bes edilmegi hakynda kabul eden kararynyn adadaky türk we grek halklarynyn arasyndaky deňligi hem-de deňagramlygy ýok hasap etmekden ybratdygy nygtaldy.

Şol kararyn Kipr meselesiniň çözülmegi ugrundaky tagallalara ýaramaz täsir ýetirjekdigine üns çekilýän beýannamada: “Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlygyň azaldylmagy ugrunda tagalla edilýän günlerde ABŞ-nyň sebitiň parahatçylyk we durnuklylyk şertlerine zarba urjak karary kabul etmegi hyzmatdaşlyk ýörelgelerine bap gelmeýär” diýilýär.

Beýannamada: “ABŞ-nyň bu kararyny ýaňadandan seljermegine, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara goldaw bermegine garaşýarys. Eger şeýle bolman halatynda Türkiýe hemaýatkär ýurt hökmüde hukuky we taryhy borçlaryna laýyklykda Kipriň türk halkynyň howpsyzlygyny kepillendirmek üçin degişli çäreleri egilşiksiz görer” diýilýär.

ABŞ Kipriň grek bölegine 1987-nji ýyldan bäri ýarag embargosyny dowam etdirýärdi.



Degişli Habarlar