Prezident Erdogan, NATO-nyň Baş Sekretary Stoltenberg Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

1481085
Prezident Erdogan, NATO-nyň Baş Sekretary Stoltenberg Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Erdogan bilen Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň hak-hukuklaryny we bähbitlerini hemişe we her ýerde goramaga dowam etjekdiklerini nygtady.

Erdogan, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde ähli ýurtlar üçin amatly we adalatly çözgüt üçin gepleşikleriň geçirilmegine goldaw berýändigini, emma halkara hukugyna äsgermezçilik edýän we sebitara parahatçylyga wehim salýan bir taraply tutumlara garşy, NATO-nyň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmelidigini belledi.



Degişli Habarlar