Konýada Iki Müň Ýyllyk Suw Bendi Tapyldy

Suw bendiniň harby guşuny suw bilen üpjün etmek üçin gurlandygy çaklanylýar

1478958
Konýada Iki Müň Ýyllyk Suw Bendi Tapyldy

Konýanyň Karataý etrabynda ýerleşýän Bozdag goraghanasynda 2 müň ýyl ozal Rim imperiýasy tarapyndan gurlan uzynlygy 110 metr we belentligi 10 metre barabar suw bendi tapyldy.

Selçuk uniwersitetinin Medeni baýlyklary goramak we abatlaýyş bölüminiň başlygy Dr. Ilker Yşyk Bozdag goraghanasynda we golaýynda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri tapmak üçin 2017-nji ýyldan bäri barlag işlerini alyp barýandyklaryny beýan etdi.

60 müň inedördül metrlik meýdanda 10 adamdan ybarat topar bilen alynyp barylýan işlerde 2 mün ýyl ozal Rim imperiýasy tarapyndan goşuny suw bilen üpjün etmek üçin gurlan suw bendini tapandyklaryny aýdan Yşyk, onuň özlerini tolgundyrandygyny aýtdy.

Gadymy Rim döwründe gurlan “Wia Sebaste” ýolunyň şu ýerdäki bölegini birnäçe ýyl ozal tapandyklaryny gürrüň beren Yşyk: “Soňky barlaglarymyzda bolsa rimlilerin guralan ýol torunyň ugrunda, goşuny suw bilen üpjün etmek üçin suw bendiniň gurlandygyny anykladyk. Bendiň uzynlygy 110 metr, belentiligi 10 metr” diýdi.


Etiketkalar: #Rim döwri , #suw bendi , #Konýa

Degişli Habarlar