Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler berýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 236 müň 370 adama ýetdi

1477437
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler berýär

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 22 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 6 müň 102 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 93 müň 7 adam testden geçirilip, ýene-de 1309 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 801 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 236 müň 370 adama ýetdi.



Degişli Habarlar