Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Milli Goranmak ministrligi operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1476107
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Metina sebitinde hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 8 terrorçy, howa hüjümleri bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Türkiýäniň Ýaragly güýçleri bilen Milli Howpsuzlyk gullugymyzyň koordinasiýasy netijesinde Yragyň demirgazygyndaky Metina sebitinde gözegçilik enjamlary bilen anyklanan we hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan PKK-a agza 8 terrorçy, howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa, Yragyň demirgazygyndaky Gara we Awaşin sebitlerinde gözegçilik enjamlary bilen anyklanan, hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri kesgitlenen PKK-a agza ýene-de 4 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar