Türkiýe bilen Gaitiniň arasynda 7 şertnama baglaşyldy

Çawuşogly: "Gaiti bilen 7 şertnama baglaşmakdan özümi bagtyýar duýaryn" diýdi

1474688
Türkiýe bilen Gaitiniň arasynda 7 şertnama baglaşyldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gaiti döwletine guran saparynyň çäginde kärdeşi Klod Žozef bilen geçiren duşuşygyndan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Gaiti döwletine ilkinji gezek sapar guraýandygyny we şol sebäpli bagtyýardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, myhmansöýerligi üçin kärdeşi Klod Žozefe minnetdarlygyny bildirdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Gaitiniň Döwlet baştutany Howenel Moise tarapyndan kabul edilendigini belläp, oňa Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Takmynan 5 hepde ozal Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Howenel Moiseniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň bolandygyny aýdan Çawuşogly: "Döwlet baştutanlarymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz üçin möhüm maksatnamalar kesgitlediler we biz olara ýetmek üçin hormatly dostym Klod bilen bilelikde işläris. Gatnaşyklarymyzy mümkin bolan ähli ugurlarda, esasan hem ykdysadyýet ugrunda ösdürmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" diýip belledi. 

Ministr Çawuşogly Klod Žozef bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda energetika, gurluşyk we beýleki hyzmatlar bilen sebitleýin taslamalary ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtap: "Her derejedäki gatnaşyklarymyzy has hem çuňlaşdyrmak babatynda ylalaşyga geldik" diýip habar berdi. 

Iki ýurdyň arasyndaky ikitaraplaýyn saparlaryň dowam etjekdigini aýdan Çawuşogly: "Prezidentim, Prezident Howenel Moisi Türkiýede myhman etmekden örän hoşal bolar. Bu çaklygy berdim. Men hem hormatly dostym Klod Žozefi Türkiýede myhman etmekden hoşal bolaryn" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar