Fuat Oktaý Kipr bilen baglanşykly beýanat berdi

Fuat Oktaý, sosial media hasabyndan Kipr bilen bagly beýanat berdi

1473916
Fuat Oktaý Kipr bilen baglanşykly beýanat berdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Fransiýanyň Kipriň Grek zolagy bilen umumy harby türgenleşik geçirip, 1959-1960-njy ýyllardaky ylalaşyklarynyň düzgünlerine bap gelmejek ýagdaýda adada harby uçarlar ýerleşdirmeginiň hiç bir şert bilen we hiç bir ýagdaýda kabul edilmejekdigini belledi. 

Fuat Oktaý, sosial mediadan beren beýanatynda: "Fransiýanyň Kipriň Grek zolagy bilen harby türgenleşikler geçirip, 1959-1960-njy ýyllardaky London we Sýurih ylalaşyklarynyň düzgünlerine bap gelmejek ýagdaýda adada harby uçarlar ýerleşdirmegi hiç bir şertde we ýagdaýda kabul edilmez. Fransiýanyň Kipr bilen baglanşykly meselelerde hadysa gözlemezligi, has jogapkärçilikli hereket etmegi gerekdir" diýip nygtady. 

Fuat Oktaý: "Gündogar Ortaýer deöizinde Türkiýäniň we DKTR-nyň tersine hiç bir herekete müminçiligi bolmaz. Türkiýe Kiprdäki türkleriň ýanynda bolmaga, hakly we kanuny göreşine şertsiz goldaw bermäge dowam eder. Öz ygtyýar giňişligindäki işlerini hem tutanýerli ýagdaýda Ýawuz gämisi bilen dowam etdirer" diýip habar berdi.  


Etiketkalar: #beýanat , #Kipr , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar