TBMM-nyň başlygy Şentop Jo Baýdeniň Türkiýe baradaky beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, ABŞ-nyň Prezidenligine dalaşgär Jo Baýdeniň Türkiýe bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirdi

1473771
TBMM-nyň başlygy Şentop Jo Baýdeniň Türkiýe baradaky beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Twitterden beren beýanatynda: "Baýdenler 'our boys' diýýänleri bilen hiç wagt saýlawlarda ýeňiş gazanyp bilmediler, diňe agdarlyşyk etdirdiler. Bu millet olaryň 'our boys' diýýänlerine soňky gezek 15-nji iýulda gerek bolan jogaby berdiler, gerek bolan halatynda bolsa ýene-de jogabyny bererler. Russiýanyň ABŞ-nyň saýlawlarynyň netijesine täsir ýetirip-ýetirmändigi bilen bagly jedelleşikler 4 ýyl bäri dowam edýän mahaly Baýden Türkiýäniň saýlawlaryna goşulyşmak niýetindedigini beýan edipdir. Hoşniýetlilige mätäç ýaşuly... Ilki bilen öz ýurduňyzda şübhe döretmeýän we daşary ýurtlaryň täsirine açyk bolmadyk saýlaw geçirip bilseňiz. Türkiýä garşy duşmançylyk hemişe ýitgi çekdirer" diýip beledi. 

 



Degişli Habarlar