"Gündogar Ortaýer deňizinde hiç kim özüni üstün görmesin"

Prezident Erdogan: "Gündogar Ortaýer deňizinde hiç kim özüni üstün görmesin. Açyk, anyk aýdýaryn, özüni görkezjek bolup tagalla etmesin" diýdi

1472263
"Gündogar Ortaýer deňizinde hiç kim özüni üstün görmesin"

Türkiýäniň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň baş merkezinde Welaýat başlyklarynyň giňeldilen maslahatynda çykyş etdi. 

Şu gün agşam Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeş boljakdygyny aýdan Erdogan: "Käbirleri ýaly surata düşmek ýa-da kameralaryň öňüne geçip özümizi görkezmek ýaly aladamyz ýok. Ebedi we baky doganlygymyzyň görkezijisi hökmünde Liwiýadadyrys. Ýurdumyzyň Gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklaryny we bähbitlerini kepillik astyna almak üçin eden ädimlerimiz, hem içerki syýasatda hem-de daşary syýasatda lakmus kagyzyna öwrüldi" diýip belledi. 

Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlyk bilen baglanşykly bolsa: "Gündogar Ortaýer deňizinde hiç kim özüni üstün görmesin. Açyk, anyk aýdýaryn, özüni görkezjek bolup tagalla etmesin" diýen Erdogan: "Ortaýer deňizinde dartgynlygy artdyrýan tarap Türkiýe däl, Türkiýäni we DKTR-ny äsgermeýän grek düşünjesidir. Biziň hiç kimiň hakynda gözümiz ýok, emma hiç bir ýurdada öz hakymyzy aldyrmarys" diýip nygtady. 

Erdogan: "Kowumdaşlaryma, doganlaryma hüjüm edenler onuň jogabyny halkara hukugyň üsti bilenem beýleki usullar bilenem berjekdigini bilmelidirler. Gresiýanyň Egeý we Ortaýer deňizlerinde eýeleýän pozisiýasy erbet niýetlidir. Türkiýäniň kenaryna 2 km, Gresiýanyň esasy bölegine bolsa 580 km uzaklykda ýerleşýän Kastelorizon adasynyň üsti bilen deňiziň ygtyýar giňişlikleriniň çäklendirilmegini talap etmek akyl we sagdyn pikir bilen düşündirip bolmaz. ÝB-e duýduryş berýärin. ÝB-a agza bolan bir ýurt, ÝB-niň hukugyna görä azlyklaryň hukugyny goramak jogapkärçiligini ýerine ýetirýärmi ýa-da ýerine ýetirenokmy? Onuň hasabyny ÝB-niň Gresiýanyň hökümetine soramalydyr. 10 ind kilometrlik bir ýeriň 40 ind kilometrlik deňiz ygtyýaryna eýedigini öňe sürmesi, halkara hukuk taýdan hem gülkünç hem-de esassyzdyr. Gresiýany Türkiýäniň hakyna we hukugyna hormat goýmaga ýaňadandan çagyrýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar