Bitlis welaýatynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrligi operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1472331
Bitlis welaýatynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Bitlis welaýatynda Žandarma güýçleri tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde Bitlis welaýatynda Žandarmanyň welaýat serkerdeliginiň Žandarmanyň ýöriteleşdirilen topary we Žandarmanyň desant güýçleri tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada, 3 terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen Hakkari welaýatynda 3 terrorçy, Bitlis welaýatynda 3 terrorçy bolmak bilen soňky 2 günde jemi 6 terrorçy öli ýagdaýda ele salyndy. Sebitdäki operasiýalar dowam edýär" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar