Ministr Dönmez: "Oruç Reis gämisi deňizlerimiziň rentgenini çekýär" diýdi

Dönmez, Twitter hasabyndan Oruç Reis gämisi bilen baglanşykly beýanat berdi

1471563
Ministr Dönmez: "Oruç Reis gämisi deňizlerimiziň rentgenini çekýär" diýdi

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Ortaýer deňizinde dowam edýän uglewodorod gözleg işleriniň çäginde 2D görnüşli seýsmiki gözleg üçin deňize seýsmik kabeliň çekilendigini habar berdi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Twitter hasabyndan Oruç Reis gämisi bilen baglanşykly beýanat berdi. 

"Oruç Reis gämisi deňizlerimiziň rentgenini çekýär" diýen Fatih Dönmez: "23-nji awgusta çenli jemi 1 müň 750 km uzynlygynda 2D görnüşli seýsmik derňew üçin seýsmik kabel Ortaýer deňizine çekiler. Ýoluňyz açuk, gadamlaryňyz batly bolsun" diýip belledi. 



Degişli Habarlar