"Gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklaryň we bähbitleriň goralmagy üçin ähli çäreler görüldi"

Hulusi Akar: "Gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklaryň we bähbitleriň goralmagy üçin ähli çäreler görüldi" diýdi

1471110
"Gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklaryň we bähbitleriň goralmagy üçin ähli çäreler görüldi"

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy üçin ähli çäreleriň görülendigini beýan etdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştab, Serkerdelikler we harby birikmeleriň ofiserleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirip, olardan maglumat aldy. 

Ministr Akar, maslahatda,  Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy üçin ähli çäreleriň görülendigini belläp, Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň we DKTR-nyň gatnaşmadyk hiç bir taslamanyň durmuşa geçmejekdigini, hiç hili eden-etdiligine rugsat berilmejekdigini habar berdi. 



Degişli Habarlar