Yrakda PKK-a agza iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi

1469585
Yrakda PKK-a agza iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Terrorçylaryň hinlerini üstlerine ýumurmaga dowam edýäris. Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan PKK-a agza 2 terrorçy guralan howa hüjümleri bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip aýan edildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK , #Yrak

Degişli Habarlar