Mewlüt Çawuşoglu, Liwanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Mewlüt Çawuşoglu bilen Şerbel Wehbi Beýrutda bolan partlama hakynda pikir alyşdy

1467406
Mewlüt Çawuşoglu, Liwanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Liwanyň Daşary işler ministri Şerbel Wehbi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mewlüt Çawuşoglu bilen Şerbel Wehbi düýn agşam paýtagt Beýrutda bolan partlama hakynda pikir alyşdy.

Liwanyň paýtagty Beýrutda düýn agşamara güýçli partlama bolupdy.

Partlamada 100 adamyň ýogalandygy, 4 müň adamyň hem ýaralanandygy habar berildi.

 

 



Degişli Habarlar