Terror guramasyna agza ýene-de bir terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terror guramasynyň dargamak etabynyň dowam edýändigi mälim edildi

1466271
Terror guramasyna agza ýene-de bir terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Terror guramasynyň düzümine 2014-nji ýylda goşulandygy anyklanan we Siriýada galandygy kesgitlenen terrorçy, maşgalasynyň eden tagallasy netijesinde howpsuzlyk güýçlerine bogun egdi.

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terror guramasynyň dargamak etabynyň dowam edýändigi mälim edildi.

Şol çäkde Içeri işler ministrligiň koordinasiýasy esasynda, Muş welaýat Žandarma serkerdeligi tarapyndan edilen tagallalaryň netijesinde, ekstremist terror guramasynyň düzümine 2014-nji ýylda goşulandygy anyklanan we Siriýada galandygy kesgitlenen 1 terrorçy, maşgalasynyň beren kömeginiň netijesinde Mardin welaýatyndaky howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.

Şeýlelik bilen şu ýylyň 1-njy ýanwaryndan bäri ynandyrylyp boýun egdirilen terrorçylaryň sany 123-e ýetdi.



Degişli Habarlar