Mugla welaýatynda bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek islän bosgunlar saklandy

Mugla welaýatynyň Fethiýe etrabynda bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek islän 67 bosgun saklandy

1465591
Mugla welaýatynda bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek islän bosgunlar saklandy

Göçek kenarýaka howpsyzlyk gullugy serkerdeliginiň işgärleri, Fethiýe aýlagynda 18 metrlik ýelkenli gaýygy duruzdy. 

Gaýykda bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek islän, aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan 22-si siriýaly, 25-i eýranly, 10-y yrakly, 5-i owganystanly, 3-si somalili, 1 alžirli we 1 palestinaly jemi 67 bosgun saklandy. 

Fethiýe kenarýaka howpsuzlyk serkerdeligine getirilen daşary ýurtlylar, etrap Içeri işler edarasyndaky işlerinden soň welaýat Migrasiýa edarasyna ugradyldy. 



Degişli Habarlar