Türkiýe ABŞ-nyň beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe hiç bir ýurdyň Türk kazyýetlerine kazyýet işleri barada buýruk berip bilmejekdigini nygtady

1463268
Türkiýe ABŞ-nyň beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý beren ýazmaça beýanatynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Osman Kawalanyň tussag edilmegi bilen bagly etabynyň bes edilmegi baradaky çagyryşyna berk reaksiýa bildirdi. 

ABŞ-nyň çagyryşynyň hukuk döwlet ýörelgesi bilen utgaşmaýandygyna ünsleri çeken Hami Aksoý: "Osman Kawala bilen baglanşykly dowam edýän kazyýet işi bar. Garaşsyz kazyýetler tarapyndan alynyp barylýan bu etaba her kim hormat goýmalydyr. Sebäbi ady agzalan şahsyň geçen fewral aýynda azat edilmegi barada karar berilen hem bolsa, tapylan täze delilleriň çäginde häzirki wagtda başga bir aýyplama sebäpli tussaglykda saklanýar" diýip habar berdi. 

ABŞ-nyň edýänleriniň biri-birine gabat gelmeýändigini aýdan Aksoý: "Mesele FETÖ-niň lideriniň ýurdumyza gaýtarylyp berilmegi bolanda, hukuk etabyny bahana edýän, Halkbank edarasynyň ozalky baş direktory Hakan Atillany hiç hili kazyýet işi gozgalmadan ençeme aýlap tussaglykda saklaýanlaryň ýurdumyzda dowam edýän bir kazyýet işine bular ýaly goşulyşmagy gapma-garşydyr" diýip nygtady. 

Hami Aksoý: "Türkiýe bir hukuk döwletidir. Hiç bir döwlet ýa-da şahsyýet Tükriýäniň kazyýetlerine kazyýet işleri barada buýruk berip bilmez" diýip belledi. 



Degişli Habarlar