Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusa ýoluganlaryň sany müň adamdan az bolmagynda galýar

1461821
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 16 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 596 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 43 müň 312 adam testden geçirilip, ýene-de 921 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1103 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 208 müň 477 adama ýetdi.



Degişli Habarlar