Erdoganyň baştutanlyk etmeginde Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirildi

Şu gün Prezidentiň kompleksinde Prezident Erdoganyň baştutanlyk etmeginde Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirildi

1460613
Erdoganyň baştutanlyk etmeginde Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirildi

Türkiýäniň wagty bilen sagat 12:15-de başlan we metbugata ýapyk häsýetde geçirilen maslahat, 45 minut dowam etdi. 

Maslahatdan ozal Prezident Erdogan we Ýokary Harby Geňeşiň agzalary ilki bilen Anytkabire baryp gül desselerini goýdylar. 

Erdogan gün desselerini goýanyndan soň Anytkabiriň ýörite depderine gol çekdi. Prezident Erdogan Anytkabiriň ýörite depderine: "Siriýadan Liwiýa, Gündogar Ortaýer deňiziniden terrora garşy göreşe çenli gazanan üstünliklerimiz ýurdumyzyň güýjüni, goşunymyzyň başarnyklaryny orta goýýar. Ýokary taýarlykly, eýmendirijiligi, uly mümkinçilikleri bilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleri erbet gözlere garşy watanymyzyň howpsuzlygynyň we barlygynyň güwäçisi bolmagyny dowam etdirýär" diýip belledi. 

Maslahatda Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinde ýokary çekilme we wezipelere bellenme bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 


Etiketkalar: #Erdogan , #maslahat , #Türkiýe

Degişli Habarlar