Yragyň demirgazygynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
"Terrora garşy göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder”
1457217
Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap we Awaşin etraplaryna guralan howa hüjüminde terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, “Terror guramalaryna garşy guralýan operasiýalar netijesinde, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap we Awaşin etraplarynda terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçynyň ýeri anyklanyldy. Terrorçylara garşy guralan howa hüjüminde 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora garşy göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder” diýildi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.