"Türkiýe doganlyk ýurt Azerbaýjany ýalňyz goýmaz"

Erdogan, Ermenistanyň Azerbaýjana garşy soňky günlerde guraýan hüjümleri hakynda durup geçdi

1456981
"Türkiýe doganlyk ýurt Azerbaýjany ýalňyz goýmaz"

 

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň doganlyk ýurt Azerbaýjany ýalňyz goýmajakdygyny aýtdy.

Erdogan Stambulda beren beýanatynda, Ermenistanyň Azerbaýjana garşy soňky günlerde guraýan hüjümleri hakynda durup geçdi.

Prezident Erdogan “Doganlyk ýurt Azerbaýjany asla ýalňyz goýmarys. Nahiçewan basyp alyşlyk astynda. Minsk topary 25-30-a ýyla golaý wagt bäri meseläni çözüp bilmedi” diýdi.

Aýasofýanyň ybadata açylmagy barada hem durup geçen Erdogan “Daşary ýurtlaryň Aýasofýa baradaky reaksiýalary bizi gyzyklandyrmaýar. Aýasofýa biziň içerki meselämiz” diýdi.

Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat beren Erdogan “Liwiýada alan jogapkärçiligimizi dowam etdireris. Liwiýaly doganlarymyzy ýalňyz goýmarys. Biz Liwiýa bilen 500 ýyldan gowrak wagt bäri gatnaşyk edýäris” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar