Siirtde terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 2 howpsyzlyk işgäri şehit boldy

PKK-a agza terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 2-si agyr 4 howpsyzlyk işgäri ýaralandy

1456122
Siirtde terrorçylar bilen bolan  çaknyşykda 2 howpsyzlyk işgäri şehit boldy

 

Siirtiň Perwari etrabynyň Dogan obasynda terror guramasyna garşy guralýan operasiýada agyr ýaralanan 2 howpsyzlyk işgäri şehit boldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýanata görä, Siirtde Žandarm güýçleri tarapyndan guralan operasiýanyň çäginde 15-nji iýulda Demigmentaşy depesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen çaknyşyk boldy.

Çaknyşynda 2-si agyr 4 howpsyzlyk işgäri ýaralandy.

Ýaralananlar dikuçarlar bilen Şyrnaga getirildi we şäherdaky harby hassahanada bejergi astyna alyndy, emma agyr ýaralanan 2 howpsyzlyk işgäri halas edilip bilinmedi we şehit boldy.



Degişli Habarlar