Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky uçar saparlary şu gün ýaňadandan başlady

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky uçar saparlarynyň ýaňadandan başladylmagy babatynda ylalaşyk gazanyldy

1455589
Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky uçar saparlary şu gün ýaňadandan başlady

Türkiýäniň Transport we Infrastruktura ministri Adil Karasimailogly, täze görnüş koronawirus epidemiýasy tapgyrynda kadalaşma etabyna girilmeginiň çäginde 11-nji iýunda dünýäniň 31 ýurduna uçar saparlarynyň başladylandygyny ýatladyp: "Şu günden başlap Russiýa bilen uçar saparlarynyň ýaňadandan başladylmagy babatynda ylalaşyga geldik" diýip belledi. 

Dünýäniň 31 ýurdy bilen uçar saparlarynyň başladylmagy bilen birlikde ýene-de 20 döwlet bilen şol babatda gepleşikler geçirilýär. 

Russiýanyň hem goşulmagy bilen birlikde uçar saparlarynyň amala aşyrylýan döwletleriniň sany 32-ä çykdy. 



Degişli Habarlar