“Penje Gaplaň Operasiýasynda 62 Terrorçy Ýok Edildi”

Milli goranmak ministri Hulusi Akar “Penje Gaplaň” operasiýasynda häzirki wagta çenli 62 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan etdi

1454962
“Penje Gaplaň Operasiýasynda 62 Terrorçy Ýok Edildi”

Ministr Akaryň ýolbaşçylyk etmeginde Baş ştabyň Başlygy Ýaşar Güler bilen goşun serkerdeleriniň we ministriň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda hepdelik wideo konferensiýa maslahaty geçirildi.

Milli goranmak ministri Akar gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beren beýannamasynda; “Penje Gaplaň operasiýasynda häzirki wagta çenli 62 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Desantlar haýynlaryň söbüginde” diýdi.

Hulusi Akar Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde bolýan çaknyşyklar barada-da durup geçip: “Agressiw çemeleşmesini dowam etdirýän Ermenistana garşy Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň ýanynda durmaga, azerbaýjanly doganlarymyzy goldamaga dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar