Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 185 müň 292 adama ýetdi

1450832
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 19 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 260 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 50  müň 545 adam testden geçirilip, ýene-de 1053 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 2297  adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 185 müň 292 adama ýetdi.



Degişli Habarlar