Prezident Erdogan Kartal.Dr. Lütfi Kyrdar şäher hassahanasynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýedäki şäher hassahanalarynyň Ýewropada ilkinji orundadygyny, Dünýäde bolsa sanlyja hassahanalaryň arsyndadygyny belledi

1448985
Prezident Erdogan Kartal.Dr. Lütfi Kyrdar şäher hassahanasynyň açylyşyna gatnaşdy

Prezident Erdogan, Kartal.Dr. Lütfi Kyrdar şäher hassahanasynyň açylyşy dabarasynda eden çykyşynda: "Täze hassahanamyzyň Stambula gelişjek bir eser bolmagy bilen birlikde aýratynam daşky gurşawa duýgur, ýer titremä çydamly bolmagyny isledik. Hassahana binanyň ýer zemininde ýerleşýän 855 sany seýismik izolýator bilen Stambulda ýer titremä iň çydamly desgalaryň biri boldy" diýip habar berdi. 

Erdogan: "Enjamlaşdyrylşy, infrastrukturasy bilen öz ugrunda öňbaşçy hassahanalaryň biri bolan bu hassahanamyzda, ýyllyk 3,5 million syrkaw ambulatoriýa şertlerinde, 150 müň stasionar şertlerinde bejergi alyp bilýer. Bu ýerde rak keseli başda bolmak bilen ýylda 100 müň operasiýa geçirilmegini göz öňünde tutýarys" diýip belledi. 

Erdogan, dünýä derejesinde 550 müňe golaý adamyň ýogalmagyna sebäp bolan koronawirus epidemiýasynyň, saglygyň we saglygy goraýyş bilen bagly infrastrukturanyň ýene-de bir gezek nähili derejede möhümdigini görkezendigini beýan etdi. 

Braziliýadan Somala çenli dünýäniň ençeme ýurdunda Türkiýede öndürilen dem alyş enjamlarynyň ulanylmaga başlanandygyny aýdan Erdogan: "Din, dil, jyns we sebit şertlerine tapawut goýmadan dünýäniň 138 ýurduna lukmançylyk enjamlaryny ugratdyk. Şäher hassahanalary muny çürt-kesik ýagdaýda aýdýaryn, Ýewropada ilkinji orunda, dünýäde bolsa sanlyja hassahanalaryň arsyndadyr" diýip aýan etdi.


Etiketkalar: #hassahana , #Erdogan

Degişli Habarlar