Prezident Erdogan şu gün Katara sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, şu gün iş sapary bilen Katara gider

1447232
Prezident Erdogan şu gün Katara sapar gurar

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, Prezident Erdogan Kataryň Emiri Şeýh Temim bilen Hamed Al Sani bilen duşuşyk geçirer. 

Duşuşykda dostlukly we doganlyk iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny maslahatlaşylmagyna garaşylýar. 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Katara gurajak Erdogan bilen Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani duşuşygynda, sebitleýin we halkara meseleler barasynda giňişleýin pikir alyşmaklary göz öňünde tutulýar. 


Etiketkalar: #sapar , #Erdogan , #Katar

Degişli Habarlar