Türkiýe, Awstriýada terror guramasy PKK-nyň tarapdarlarynyň ýöriş geçirmegine reaksiýa bildirdi

Awstriýanyň ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kabul edilen PKK-a garşy içginlik bilen göreşmegi üçin çagyryş berildi

1445192
Türkiýe, Awstriýada terror guramasy PKK-nyň tarapdarlarynyň ýöriş geçirmegine reaksiýa bildirdi

 

Türkiýe, Awstriýada ekstremist terror guramasy PKK-nyň tarapdarlarynyň ýöriş geçirmegine reaksiýa bildirdi

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Awstriýanyň paýtagty Wenada birnäçe günden bäri terror guramasy PKK-nyň tarapdarlarynyň yzly yzyna ýöriş geçirýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Terror guramasy PKK we tarapdarlary tarapyndan birnäçe günden bäri yzly yzyna ýöriş geçirmegi, terrora garşy göreşe ähmiýet berilmeýändigini görkezýär” diýildi.

Beýanatda Türkiýäniň terror guramalaryna garşy üstünlikli operasiýalar guralýandygy nygtaldy.

Awstriýanyň  howpsyzlyk güýçleriniň ýörişe garşy duran türklere garşy güýç ulanmagy sebäpli birnäçe türküň ýaralanmagy we türklere degişli käbir iş ýerlerine zeper ýetirilmegi ýazgaryldy.

Daşary işler ministrliginiň beýanatda, Awstriýanyň ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kabul edilen PKK-a garşy içginlik bilen göreşmegi üçin çagyryş berildi.



Degişli Habarlar